milli goshun logo
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
22.10.2019 340 Habarlar

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Samir Welajiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde üstünlikler arzuw etdi.

Ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bosniýa we Gersegowinanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de öz tarapyndan oňyn döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de adamlaryň abadan durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet strategiýasyna aýratyn üns berildi.