milli goshun logo
Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin ýörite maksatnamasynyň ykdysady forumy geçirildi
Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin ýörite maksatnamasynyň ykdysady forumy geçirildi
21.11.2019 774 Habarlar

20-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň forumynyň açylyşy boldy. «Özara baglanyşyk: SPEKA-nyň kiçi sebitinde söwda we ulag işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş» mowzugy forumyň esasy meselesine öwrüldi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy hem-de ESKATO bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga abraýly guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, SPEKA agza döwletleriň wekiliýetleri, halkara sebitleýin we kiçi sebitleýin düzümleriň, iri maliýe institutlarynyň bilermenleri, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar forumyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça guralan pikir alyşmalaryň çäklerinde has netijeli ulag geçelgelerini üpjün etmek, içerki, üstaşyr, eksport-import gatnaşyklarynda ahyrky netijäniň bahasynyň ulaga degişli bölegini peseltmek boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, intermodal gatnawlaryň ulag-logistik merkezini döretmegiň bu strategiýany durmuşa geçirmegiň anyk netijesidigi bellenildi.

Günüň ikinji ýarymynda ulag we üstaşyr ugurlaryna, SPEKA-nyň sebitinde söwda işleriniň ýönekeýleşdirilmegine bagyşlanan umumy mejlis geçirildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda bu ýere ýygnananlar bilelikdäki işiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin oňyn şerti döretjekdigine ynam bildirdiler. Adamlaryň, kärhanalaryň, önümçilik ulgamlarynyň, kadalaşdyryjy guramalaryň, maglumat ulgamlarynyň, logistikanyň, söwda-ulag düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary üpjün etmek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajypdygy baradaky pikire geldiler.