milli goshun logo
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
15.11.2019 855 Habarlar

14-nji noýabrda paýtagtymyzda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

Forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşda geçirilýän, bu ulgamlary kämilleşdirmäge we ösdürmäge, täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga, şol sanda mekdep ýaşyna çenli, orta we ýokary bilim edaralaryna ornaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen syýasatyň netijeliligini görkezmelidir.

Onuň işine Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Singapurdan, Latwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan kompýuter, multimedia tehnikalaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşýar.

Forum şeýle hem ministrlikleriň esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.