milli goshun logo
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi
27.02.2019 762 Habarlar

26-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň Baş edarasynyň ýerleşýän Belgiýanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji duşuşygy geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin hyzmatdaşlygy boýunça düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň şu gezekki duşuşygynyň gün tertibine söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze strategiýasy babatda garalan Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ulgamynda özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek baradaky meseleler girizildi.

Taraplar makroykdysady ýagdaýy, özara bähbitli haryt dolanyşygynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikdäki işleriň netijelerini seljerdiler hem-de geljegi uly taslamalara garadylar. Hukugyň ileri tutulmagy, döwlet dolandyrylyşynyň özgerdilmegi, maliýe we maýa goýum gatnaşyklary, howpsuzlyk, hususan-da, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň dolanyşygyna häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga baha berildi. Bu howplara garşy durmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy we üznüksiz şerti bolup durýar.

Şeýle hem bilim we tehniki hünär taýdan bilim almak, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi, energetika hem-de ulag ulgamy ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berildi.