milli goshun logo
Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
29.11.2019 625 Habarlar

28-nji noýabrda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat — telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekilmegi dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekilleri ýygnan forumyň aýdyň netijeleriniň biri boldy.

Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen çäklerini öz gerimine alýan bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrar. Statistik maglumatlara görä, Aziýanyň ilaty 4 milliard adamdan geçýär, Ýewropada 990 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Yklymlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň zerurlygy sekuntda 200 — 400 gigabit möçberinde hem-de sekuntda 4-5 Tbaýta çenli internet-trafik alyşmasyny giňeltmäge mümkinçilik döreder.