BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlaryna
laýyklykda, Türkmenistan häzirki döwürde «ýaşyl» ykdysadyýete geçýär. Munuň özi
täzeçil, serişde tygşytlaýjy we önümçiligiň ekologiýa taýdan howpsuz
tehnologiýalaryna esaslanýar hem-de adamlaryň abadançylyk derejesini
ýokarlandyrýar we daşky töwekgelçilikli ýagdaýlaryň täsirini peseldýär.
Hut şeýle çemeleşmeler Hazar deňziniň uglewodorod
serişdelerine baý künjeklerini özleşdirmek boýunça meýilnamalary durmuşa
geçirmekde işjeň ulanylýar. Täze gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa
tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Zawodlardan çykýan daşky gurşawa zyýanly maddalar
gaýtadan işlenilýär hem-de olarda zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär. Munuň özi
geljek nesiller üçin ekologiýa abadançylygynyň we bioköpdürlüligiň saklanmagyny
üpjün edýär.