milli goshun logo
Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy çaltlandyrýar
Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy çaltlandyrýar
21.02.2019 1004 Habarlar

20-nji fewralda Türkmenistanda işjeň ösýän sanly ykdysadyýet üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmäge goşant goşjak bäsdeşlige ukyply ýaş nesli kemala getirmek babatda möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi, olara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Rumyniýadan we Awstriýa Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradylar.