milli goshun logo
Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
07.11.2019 375 Habarlar

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Fýumiçino Halkara howa menziline gondy. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.

Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni howa menzilinden kaşaň «Rome Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza saparyň dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär.

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Şolaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.