milli goshun logo
Türkmenistan temmäkä garşy göreşde dünýä lideri
Türkmenistan temmäkä garşy göreşde dünýä lideri
10.04.2019 996 Habarlar

9-njy aprelda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Mejlisde çykyş eden bilermenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan çilim çekilmegine garşy göreşmekde öňdebaryjy ýurt hökmünde ykrar edildi.

Şeýlelikde, soňky bäş ýylyň içinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gören çäreleriniň netijesinde, ilatyň arasynda çilim çekilmegi 2,5 esse azaldy. Şeýle hem alkogolly içgileriň içilmeginiň derejesi boýunça oňyn ösüş göze ilýär — bu ýagdaý 2013-nji ýyldan bäri iki esse peseldi.