milli goshun logo
Türkmenistan täze, 2023-nji ýyly uly üstünlikler, beýik maksatlar bilen garşylady
Türkmenistan täze, 2023-nji ýyly uly üstünlikler, beýik maksatlar bilen garşylady
01.01.2023 716 Habarlar

1-nji ýanwarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak täze, 2023-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylaýar.

Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlapdyrlar.

Teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna welaýatlar hem goşulýarlar. Paýtagtymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň edara ediş merkezleri bilen baglanyşdyrýan monitorlar ruhyýetiň we medeniýetiň hakyky ojaklaryna öwrülen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda ýerleşdirilipdir. Ine, bu günem şol ýerlerde meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köpöwüşginli Täze ýyl dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Biziň täze günümiz, röwşen geljegimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň möçberli işleri bilen baglanyşyklydyr. Şu dabaraly pursatda meýdançada ýygnananlaryň hemmesini, ähli türkmenistanlylary Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki gününe we geljegine bolan uly buýsanç duýgusy gaplap alýar.

2022-nji ýylyň soňky minutlary şeýle dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Şol minutlarda özümize we öz ýakynlarymyza eden ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun!

Baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri Aşgabadyň asmanyny bezäp, özüniň dürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini ýagtylandyrýar. Goý, ýetip gelen 2023-nji ýyl bizi öňde goýan beýik maksatlarymyza ýetirsin, Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün! Täze ýylyňyz gutly bolsun!