milli goshun logo
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
08.05.2019 639 Habarlar

7-nji maýda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň käbir döwlet düzümleriniň, şol sanda esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şu günki ýagdaýy we geljegi, ýerine ýetirilen işleriň jemleri bilen bagly meseleler girizildi.

Russiýanyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylmy işi talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň on birinji mejlisiniň Teswirnamasyndan başga-da, Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Astrahan oblastynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda Ähtnama, Türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen S.A.Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty federal döwlet býujet edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.