milli goshun logo
Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
29.07.2019 494 Habarlar

Türkmenistan raýat awiasiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Bu pudak soňky döwürde kuwwatly ösüşe eýe boldy: häzirkizaman howa menzilleri guruldy, olar iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär, ýurdumyzyň howa gämileriniň üsti uçarlaryň iň täze nusgalary bilen doldurylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli awiasiýamyzy ösdürmek boýunça wezipeleri öňde goýmak bilen, işgärleriň – uçarmanlaryň hem-de hyzmat ediş gulluklarynyň hünärmenleriniň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üýtgewsiz talap hökmünde öňe sürýär.

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, howa gämileriniň hem-de howa menzilleriniň howpsuzlygy, uçarmanlaryň hem-de ýerüsti işgärleriň ýokary taýýarlykly düzümini kemala getirmek boýunça halkara talaplaryny berk berjaý edýär.

Bu babatda IKAO – Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.

EACA – howa uçuşlarynda howpsuzlyk boýunça Ýewropa agentligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Şeýle hem wekiliýetleri özara alyşmak yzygiderli häsiýete eýe boldy, Türkmenistanyň howa ýollary düzümleriniň wekilleri degişli guramalaryň iri forumlaryna gatnaşýarlar, şol guramalaryň bilermenleri türkmen howa ýollary boýunça ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygy babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere, howa menzillerimiziň enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berýärler.