milli goshun logo
Türkmenistan Palestinanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberer
Türkmenistan Palestinanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberer
09.11.2023 529 Habarlar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp, Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Palestinanyň halkyna muzdsuz bermek tabşyryldy.