milli goshun logo
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik ýüküni iberdi
25.07.2019 575 Habarlar

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak maksady bilen, goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküniň uly tapgyry bilen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.

Doganlyk owgan halkyna muzdsuz kömek hökmünde derman we lukmançylyk serişdeleri, dokma önümleri hem-de çagalaryň egin-eşikleri, okuw kitaplary we mekdep esbaplary, süýji-köke önümleri, beýleki harytlar iberildi.