8-nji fewralda
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas»
halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete
kompaniýanyň wise-prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Datuk Mohd Anuar
Bin Taib ýolbaşçylyk edýär. Ol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe
teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow gazy çykarmak hem-de öndürmek babatda
türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär.
2016-njy ýylda
Türkmenistanyň Baştutanynyň Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda ileri
tutulýan birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda iki ýurduň ykdysadyýeti üçin
ähmiýetli bolan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek
barada ylalaşyklar gazanyldy. «Petronas» kompaniýasy hem bu hyzmatdaşlyga uly
goşant goşýar.
Bu halkara
nebitgaz kompaniýasy Hazar deňzinde ýalpaklygyň 1-nji toplumynyň önümlerini
paýlaşmak hakynda baglaşylan 26 ýyllyk şertnamanyň esasynda ýurdumyzda 22
ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. «Petronas» Türkmenbaşy şäherinden
günorta-günbatara tarap 80 kilometrlikde ýerleşen bu ýerlerde gazy agtaryp
tapmaga, ýatagy işläp taýýarlamaga we gazyp almaga ABŞ-nyň 10,7 milliard
dollaryna golaý maýa goýdy. Häzir bu ýerde gaz kondensatynyň gije-gündizleýin
ortaça önümçiligi 3 müň 500 tonnadan gowrakdyr, 2019-njy ýylda kompaniýa bu
görkezijini 4 müň 129 tonna çenli artdyrmagy maksat edinýär.
1998-nji
ýyldan başlap kompaniýa «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim aljak
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin halkara bilim maksatnamasyny
amala aşyrýar. Bu ýokary okuw mekdebi, şeýle hem bilim bermek we barlag
işlerini alyp barmak üçin oňaýly ýagdaýlary döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň
Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk
hakynda Ähtnama gol çekdi.
Datuk Mohd
Anuar Bin Taibiň belleýşi ýaly, «Petronas» Türkmenistan bilen gatnaşyklara
buýsanyp, ýurduň degişli edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Nebite we
gaza baý türkmen känleri maýa goýumlary hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly
mümkinçilikleri açar diýip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa «Petronas» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsi üçin
çuňňur hoşallygyny aýdyp, geljekde hem gury ýerde we Hazar deňziniň türkmen
böleginde barmasy kyn bolan ýataklary gözläp tapmak, işläp taýýarlamak babatda
öňdebaryjy, ýokary netijeli tehnologiýalary hödürlemäge taýýarlygy beýan etdi.
Şunuň bilen
baglylykda, duşuşygyň barşynda kompaniýanyň wekilleri Türkmenistan bilen
ylalaşyklary uzaltmak hakyndaky meseläni gozgadylar, şeýle hem nebithimiýa
ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Geçen ýylyň oktýabrynda
döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Gyýanlydaky
polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap toplumyň binýadynda hyzmatdaşlyk
etmäge isleg bildirilýändigi aýdyldy.
Ýakyn wagtda ýurdumyzda gazhimiýa önümlerini öndürýän, şol sanda pes dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, poliwinilasetat, poliwinilhlorid, metanol, suwukhlor, natriniň sulfatyny öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän ýangyç-energetika syýasaty bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.