milli goshun logo
Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk
27.02.2019 562 Habarlar

26-njy fewralda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy.

Okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar şeýle hem ýurdumyzyň we sebit derejesinde tebigaty goramak mümkinçiligini berkitmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri hem-de howanyň üýtgemegi, degişli Milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegi babatda wezipeleriň çözülmegi ugrunda dürli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.