milli goshun logo
Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi
Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi
16.04.2019 533 Habarlar

15-nji aprelda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine oňyn baha berip, birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Ýola goýlan gatnaşyklaryň netijelidigine ýurdumyzda birnäçe fransuz kompaniýalarynyň — «Buig», «Sifal», «Winçi», «Tales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň alyp barýan üstünlikli işleri şaýatlyk edýär.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.