milli goshun logo
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
31.05.2023 986 Habarlar

30-njy maýda irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm üns berýändigini belledi. Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni «Maşrute» binasyna tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşyk geçirildi.

Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara topary döretmek baradaky başlangyjyny goldap, onuň işiniň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine hem-de giňeldilmegine gönükdiriljekdigini belledi. Döwletlerimiziň eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilige eýedigini aýdyp, iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda söwda wekilhanalaryny döretmegiň hasabyna ony ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşyk boldy.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.