milli goshun logo
Türkmenistan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär
Türkmenistan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär
09.11.2019 1523 Habarlar

8-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, Türkmenistanyň «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda ählumumy forumda ýurdumyza wekilçilik etjek bölümiň işiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen anyk çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda degişli düzümler bilen zerur resminamalar ylalaşyldy we gurluşyk-gurnama işleri başlandy. Iki gatly binada diňe bir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanan üstünliklerini däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýdyň görkezmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksadynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, beýleki döwletler bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi.