milli goshun logo
Türkmenistan dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri
Türkmenistan dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri
19.01.2019 1001 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Abraýly halkara düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi aýdyldy.

Häzirki döwürde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde, 2030-njy ýyla çenli iri strategiýanyň — durnukly ösüş üçin Gün tertibiniň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Halkara çagalar gaznasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen maksatnamalaryň esasynda ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, daşky gurşawy goramak, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça jemi iş meýilnamalarynyň 37-si kabul edildi hem-de durmuşa geçirilýär. BMG-niň resmi maglumatlaryna görä, ýurdumyz dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biridir.

Ýakyn wagtda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek we EKOSOS-nyň howandarlygynda şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Syýasy forumda ýurdumyzyň meýletin milli synlaryny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň üç ýylyň dowamynda bilelikde ýerine ýetiren işleriniň jemlerini umumylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna bu resminamany taýýarlamak boýunça Pudagara toparyny döretmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi.