milli goshun logo
«Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
«Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
04.05.2024 236 Habarlar

Düýn – 3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.

Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, «ýaşyl» energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.