22-nji aprelde
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy
bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) wekilleriniň
arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň
barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
ähmiýetli ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda Sanly
ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasynyň 2020-2023-nji ýyllar üçin ikinji
tapgyryny amala aşyrmagyň çäklerinde «Halkara söwda üçin Türkmenistanyň bir
penjire toruny girizmek» atly Türkmenistanyň – ÝUNKTAD-yň – BMG-niň Ösüş
Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD-yň Söwda we ösüş boýunça Geňeşine girmek meselesine garadylar, şeýle hem giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşdylar.