milli goshun logo
Türkmenistan – BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär
Türkmenistan – BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär
19.11.2019 673 Habarlar

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde «SPEKA günlerine» badalga berildi. Duşuşygyň esasy wakasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda söwda syýasaty boýunça «tegelek stoluň» başynda ýokary derejedäki duşuşygy geçirmekden hem-de durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisini guramakdan ybaratdyr.

«SPEKA» sebitinde söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegi hakynda Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşygyny durmuşa geçirmek: «Merkezi Aziýa köptaraply söwda ulgamynda» atly mowzuk esasynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Bütindünýä söwda guramasy we ýurdumyzyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda guran «tegelek stoluň» başynda geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine aýratyn üns berildi.