milli goshun logo
Türkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
16.03.2019 1001 Habarlar

15-nji martda paýtagtymyzdaky BMG-niň wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň — ÝUNISEF-niň goldawy astynda guralan foruma Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek babatda pudagara iş toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Tegelek stol» görnüşinde geçirilen bu gezekki maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamagyň, ony ýerine ýetirmegiň, maglumatlary ýygnamagyň we olary seljermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ulgamda öňde durýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň mümkin bolan ugurlary öňe sürüldi.