milli goshun logo
Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar
Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar
29.05.2019 825 Habarlar

10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Ýakynda, 27-nji maýda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, birnäçe pudagara toparlaryň düzümini tassyklady. Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.

Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, oňa täzeçil usullar, mekdepleriň okuw meýilnamasyna düzedişler girizildi. Şunlukda, binýatlaýyn dersler bilen bir hatarda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, grafika we modelirlemek, maglumat-aragatnaşyk, täzeçil tehnologiýalar ýaly dersler girizildi.

Okatmagyň 12 ýyllyk möhletine geçilmegi bilen, hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, elektron dolanyşygy, programma üpjünçiligi, elektron bilim maglumaty gaznasyny döretmek boýunça degişli maslahatlar guraldy. Ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim ulgamyna birikdirmek işleri alnyp barylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna çykdajylary artdyrmak maksady bilen geljek ýyl üçin Döwlet býujetine goýulýan maýa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny yzygiderli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.