7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyz bolan ajaýyp
halylarymyzyň möhümdigini we gymmatlygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzda
halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini
döretmek kararyna gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurdan baý tejribesini
nazara alyp, Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine O.Işangulyýewany
belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz öz önümlerimizi eksport etmek işini gowulandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrligini we «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän toplumyna bermek kararyna gelendigini habar berdi.