milli goshun logo
«Türkmengurluşyk – 2019» atly halkara sergi we maslahat geçiriler
«Türkmengurluşyk – 2019» atly halkara sergi we maslahat geçiriler
24.08.2019 347 Habarlar

23-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow şu ýylyň 29-31-nji awgustynda geçiriljek «Türkmengurluşyk – 2019» atly halkara sergisine hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata görülýän taýýarlygyň barşy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu çärelere 140-a golaý ýerli hem-de daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden kompaniýalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň hem-de işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Giň gerimli sergide gurluşyk pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary, üstünlikleri we ägirt uly kuwwaty öz beýanyny tapar. Paýtagtymyzyň sergi merkezinde ykdysadyýetiň şu ulgamynda işleýän düzümleriň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Sergide ýurdumyzyň önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligine, şol harytlary halkara bazarynda ilerletmäge aýratyn üns berler.

Maslahatyň gün tertibine gurluşyk we binagärlik ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy meseleleri, pudagyň geljegi hem-de ykdysadyýetiň şu pudagyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meseleleri giriziler.