milli goshun logo
«Türkmengaz» döwlet konserni  «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine gatnaşar
«Türkmengaz» döwlet konserni «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine gatnaşar
24.01.2019 859 Habarlar

Düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň 10 — 12-nji fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu uly maslahata dünýäniň iri kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak maksadynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de dünýäniň energiýa ulgamyna depginli goşulyşmaga gönükdirilendigini nygtady. Bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýäniň beýleki döwletleri hem-de işewür toparlary bilen hoşniýetli erk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ýöriteleşdirilen pudaklaýyn forumlara ähmiýetli orun berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly çäreleriň, ilkinji nobatda, tejribe alyşmak, maýa goýumlary hem-de täze tehnologiýalary çekmek, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisinde hem-de maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we köptaraply mümkinçiligini görkezmäge gönükdirilen iri möçberli milli sergi bölümimizi ýokary derejede guramagy tabşyrdy.