milli goshun logo
Türkmenbaşy şäherinde täze hassahanalar gurlar
Türkmenbaşy şäherinde täze hassahanalar gurlar
20.03.2019 1989 Habarlar

19-njy martda geçirilen göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hassahanalaryň taslamasyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilýän 400 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň taslamasyny makullady we durmuş maksatly täze binalar toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz täze desganyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy, döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.