milli goshun logo
Türkmenbaşy şäherinde täze dermanhana açylyp, ulanmaga berildi
Türkmenbaşy şäherinde täze dermanhana açylyp, ulanmaga berildi
09.09.2019 1968 Habarlar

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bejeriş edaralaryny we ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli lukmançylyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenbaşy şäherinde täze açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi. Ol şäheriň Kenar etrabynda «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasy tarapyndan açyldy.

Etrabyň Magtymguly köçesiniň ugrunda gurlan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 366 inedördül metrden gowrak bolup, ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär.

Dermanhananyň giň zalynda derman serişdeleriniň, lukmançylyk önümleriniň, anyklaýyş gurallarynyň we Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen beýleki enjamlaryň söwdasyny guraýan bölümler ýerleşdirildi. Mundan başga-da, taslama laýyklykda, müşderilere, şol sanda hassahanalaryň lukmanlaryna we tiz lukmançylyk kömegi toparlaryna hyzmat edýän otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde arassalaýyş bölümi, ammar we beýleki desgalar bar.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara diňe zerur serişdeleri däl, eýsem, gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär. Bu ýerde şeýle hem sorag-jogap gullugyny döretmek meýilleşdirilýär.