milli goshun logo
Türkmenbaşy şäherinde Köpugurly hassahana gurlar
Türkmenbaşy şäherinde Köpugurly hassahana gurlar
19.02.2019 1476 Habarlar

18-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda wise-premver P.Agamyradow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramak boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän Köpugurly hassahananyň hem-de Ýokanç keseller hassahanasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, wise-premýere we häkime täze guruljak hassahanalarda näsaglara ýokary derejeli kömegiň berilmegi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň hödürlenilmegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Hassahanalar döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmelidir.