milli goshun logo
Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň ikisiniň açylyş dabarasy boldy
Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň ikisiniň açylyş dabarasy boldy
21.03.2019 715 Habarlar

Türkmenabat şäherinde Bitarap Türkmenistan we Aşgabat köçeleriniň çatrygynda ýerleşen, her biri 24 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň ikisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Saldamly goşant» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary täze binalaryň gurluşygynda iň oňat tehnologik gurnamalary hem-de iň döwrebap bezeg serişdelerini peýdalandylar. Belent üçekli, giň geçelgesi we aşhanasy bolan iki, üç we dört otagly öýler mebeller we öňdebaryjy durmuş tehnikalary bilen enjamlaşdyryldy.