milli goshun logo
Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda sapary
Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda sapary
08.05.2024 225 Habarlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylmy-edebi jemgyýetçilik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Şu mynasybetli milli we halkara derejede dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri-de golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy.

Saparyň ilkinji gününde wekiliýetiň agzalary Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy han medresesine bardylar. Onuň degişli ýadygärlikler toplumyna, talyplaryň okadylan hüjrelerine, Magtymgulynyň otagyna syn etdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Saparyň ikinji gününde Daşkent şäherindäki Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň heýkellerine gül goýmak dabarasy boldy. Soňra Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki dostluk konserti geçirildi. «Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek halklarynyň umumy mirasy» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çägindäki medeni çäreler bolsa Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda guraldy.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ylmy, edebi-medeni gatnaşyklary ösdürmekde yzygiderli guralýan şeýle forumlar, medeni çäreler möhüm ähmiýete eýedir.