milli goshun logo
Türkmen wekiliýeti «Medical Korea – 2019» atly 10-njy halkara maslahata gatnaşar
Türkmen wekiliýeti «Medical Korea – 2019» atly 10-njy halkara maslahata gatnaşar
12.02.2019 544 Habarlar

11-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatynda milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýygjam gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy bejeriş ulgamyna häzirki zaman usullaryny we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz degişli abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli hünärmenleriň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlarynda umumy taýýarlygyň hem-de täsir etmegiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejedäki tehniki maslahata we ministrler maslahatyna hem-de saglygy goramak we lukmançylyk syýahatçylygy boýunça «Medical Korea – 2019» 10-njy halkara maslahata gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle maslahatlaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, ministre birnäçe görkezmeleri berdi.