milli goshun logo
Türkmen wekiliýeti Berlinde geçiriljek işewürlik maslahatyna gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Berlinde geçiriljek işewürlik maslahatyna gatnaşar
09.02.2019 692 Habarlar

8-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow şu ýylyň 11–14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şol ýerde türkmen wekiliýeti türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi we ony sanly aragatnaşyk arkaly wise-premýere ugratdy.