milli goshun logo
Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar
Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar
04.07.2019 1084 Sport

Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär.

Neapol şäherinde geçirilýän Bütindünýä tomusky uniwersiada 127 ýurtdan 9 müňe golaý türgeniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Ýaryşlaryň maksatnamasynda sportyň 18 görnüşi göz öňünde tutulandyr.

Türkmen talyp türgenleri ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, ýeňil atletika, dzýudo, tennis we suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar. 

4-nji iýulda dzýudoçylar bilen bir hatarda suwda ýüzmek we gylyçlaşmak boýunça bäsleşikler geçiriler.

5-nji iýulda tennisçileriň saýlama ýaryşlary başlanylar, oňa biziň ýurdumyzdan Hajymyrat Çaryýew gatnaşar.

8-nji iýulda bolsa, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar başlanyp, Irina Welihanowa medallar ugrunda bäsleşer.

9-njy iýulda bu bäsleşiklere ýaýdan ok atmak boýunça türgenler goşular. Bu ugurdan ýaryşlara Türkmenistandan iki türgen gatnaşar. 

Uniwersiadada jemi 222 medal ugrunda bäsleşikler bolar, medallara mynasyp bolanlar iki hepdä golaý wagtdan kesgitleniler, 14-nji iýulda bolsa, Neapolda geçirilýän ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň ýapylyş dabarasy bolar.