milli goshun logo
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
09.05.2023 565 Habarlar

8-nji maýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Düzümi ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherine geldi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Taraplar pikir alyşmalaryň çäklerinde iki ýurduň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar şu gün gazanylan ylalaşyklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary, beýleki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi. Işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň birnäçe döwlet kärhanalarynyň we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 20-den gowrak resminama gol çekildi.