milli goshun logo
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
31.01.2023 351 Habarlar

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhletleri şu ýylyň martynda tamamlanýar. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.