Madridde 5-8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47
ýurdundan güýçli türgenleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy.
Bu ýaryşda
Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi
wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş
medallary gazandylar.
Şeýlelikde,
Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz
agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky
basgançagyny eýeledi.
Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 86
kilogram agram derejesinde jemleýji tutluşykda az-kem asgyn gelip, ýaryşyň
kümüş medalyna mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda
Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz
tagallalary netijesinde bedenterbiýäni we ýokary görkezijiler sportuny
ösdürmäge uly üns berilýär. Sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça
degişli işler geçirilýär, türgenlerimiziň ussatlygy ýokarlanýar, geljekki
çempionlarymyzyň hatarlary artýar.
Erkin göreş hem şol özgerişliklerden çetde galmady, netijede milli ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üsti dürli halkalara ýaryşlarynyň medallary bilen ýetirildi.