milli goshun logo
Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
17.12.2019 1753 Habarlar

16-njy dekabrda Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk arkaly şol gün geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Haly muzeýinde geçirilen baýramçylyk çäresine Medeniýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri, sungaty öwrenijiler, belli artistler, ýazyjylar, alymlar we žurnalistler hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar.

Meşhur aýdymçylar, döredijilik toparlary halyçylyk sungatynyň waspyny ýetirýän tans eserleri bilen şu günki dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, el halyçylygynyň ajaýyp sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmeginde we mundan beýläk-de ösdürilmeginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy ägirt uludyr.

ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir.