milli goshun logo
Türkmen işewürleri gawuny Awstriýa eksport etmäge girişdiler
Türkmen işewürleri gawuny Awstriýa eksport etmäge girişdiler
24.09.2019 389 Habarlar

Indi Wenanyň ýaşaýjylary hem süýji, şireli we hoşboý ysly türkmen gawunlaryna mynasyp baha berip bilerler. Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi.

«Gyzyl gülaby» atly meşhur gawuny «Turope Consult GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Ekologiýa taýdan arassa karton gutulara gaplanan güneşli türkmen topragynyň bu nygmaty «Volvo» kysymly sowadyjy ýük awtoulaglarynda awstriýaly alyjylara ugradyldy.

Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara sergilerde altyn medallara mynasyp bolan gawunlar dünýäde özleriniň adatdan daşary süýjüligi we ýakymly ysy bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzda gawun bakja ekinleriniň şasy saýylýar. Ol ýokumlylygy we şirinligi, iýmitlik we bejerijilik aýratynlygy, aslynda, günorta kuýaşynyň, topragymyzyň hasyllylygynyň altyn nyşany, ynsan bilen tebigatyň ajaýyp bileleşigi hökmünde bu ada doly mynasypdyr.