milli goshun logo
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar
29.05.2023 679 Habarlar

28-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly ХХIII mejlisi geçirildi.

Dünýäniň dürli künjeginden gelen wekiliýetleriň köp bolmagy daşary ýurtlaryň işewür düzümleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyza we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny tassyklaýar. Şeýle hem bu forum täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Foruma gatnaşýanlaryň hatarynda Russiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Özbegistandan we Pakistandan gelen türkmen haly sungatynyň muşdaklary, iri önüm öndüriji kärhanalaryň, söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy-barlag we medeniýet merkezleriniň wekilleri, alymlar, bilermenler bar.

Türkmen zenanlarynyň zehininden, yhlasyndan döreýän, gözelligi we kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk halyçylyk sungatynyň hormatyna tutuş ýurdumyzda ylmy maslahatlar, sergiler guraldy, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler geçirildi. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň binasynda milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda ýerleşdirilen ak öýler, halyçylyk ussahanalarynyň şekilleri milli bezeg ýörelgeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Türkmen halysynyň baýramynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat halyçylaryň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy.