milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
17.04.2023 404 Habarlar

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe bilen köpugurly we uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygy, häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ýokary depginde ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde ynanyşmak hem-de birek-biregi özara goldamak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Türkiýe Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk kompaniýalary we işewürleri ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar. Ylym, bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hem ýokary derejä eýedir diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de täze ugurlar boýunça ýokary depginde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.