milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
17.04.2023 364 Habarlar

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde iki halkyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklary giňeldilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitara gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, depginli ösdürilýär. Umumy pikire görä, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar — munuň özi birek-birege hormat-sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän, doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň we deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we umumy bähbitlere laýyklykda, hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.