milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
02.06.2023 633 Habarlar

1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝHHG bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy beýan edildi. Aýry-aýry ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ekologiýa ulgamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň işiniň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda adam hukuklaryny goramak, demokratiýany ösdürmek, gender deňligini pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek maksadynda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hanym Helga Şmide berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.