Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň
saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
«Saýlawlaryň
netijesi doganlyk türk halkynyň Rejep Taýyp Ärdogana bildirýän belent ynamynyň
hem-de ýurduň abadançylygy we rowaçlygy ugrunda bitirýän hyzmatlarynyň ykrar
edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. «Häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakyky
dostlugyň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Ikitaraplaýyn
gatnaşyklarymyzda biz hemişe hoşniýetlilik, deňhukuklylyk, ynanyşmak
ýörelgelerinden ugur alýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz türkmen-türk
strategik gatnaşyklarynyň geljekde-de täze depginler bilen ösdüriljekdigine
berk ynam bildirýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk
jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkiýäniň doganlyk halkyna
bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de ösüş arzuw etdi.