milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy
09.02.2023 370 Habarlar

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi. Medet beriji sözleriň ynsan ruhuny götermekde örän ýerliklidigini uzak ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.