milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy
10.10.2023 516 Habarlar

Düýn – 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalarydyr çyzgylary bilen tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň baş meýilnamasy, iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şekil taslamalary hem-de olaryň täze şäherde ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän “Çalyk Holding” kompaniýalar topary gurluşyk pudagynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr. Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.