milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy
14.10.2023 569 Habarlar

Düýn – 13-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.

Bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Şol gadymy dessurlarymyz häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karara gol çekmegi bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynda iş alyp barjak potratçylar belli boldy. Döwletimiziň uly ynam bildirmegi bilen, tüweleme, indi öz oglanlarymyz, öz hünärmenlerimiz ýetişdiler. Olar indi uly gurluşyklarda taplanyp, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen aýtdy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gurluşyk işlerini alyp bararlar. Ýokary hil derejesinde guruljak täze binalar halkymyzyň röwşen geljegine hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň «Toý bilen ýas bile geler» diýen atalar sözüni mysal getirip, ýakynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilendigine ünsi çekdi. Şol gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanyldy. Biz bu günki sadakamyzda-da olary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okarys. Goý, ähli öten-geçenlerimiziň ruhlary şat, jaýlary jennet bolsun! diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.