milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
18.02.2023 319 Habarlar

17-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýalar, logistika ulgamlarynda, obasenagat toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak barada birnäçe resminamalara gol çekendigini belledi. Şeýlelikde, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.